Bloomberg Ilon Masky 200 milliard dollar ýitiren ilkinji adam diýip atlandyrdy

  • 31.12.2022 18:10
  • 32k+

Ilon Mask dünýäde 200 milliard dollardan gowrak pul ýitiren ilkinji adamdyr. Öz hasaplamalaryna salgylanýan Bloomberg  elektrik awtoulag öndürijisi Tesla-nyň paýnamalarynyň pese gaçmagy sebäpli baýlygynyň köp bölegini ýitirdi diýip habar berýär.

Agentligiň belleýşi ýaly, iň ýokary derejedekä Ilon Maskyň baýlygy 340 milliard dollar bolupdy - telekeçi bu görkezijä 2021-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýetipdi. Muňa garamazdan, dekabr aýynyň soňky hepdelerinde Maskyň maýasy 137 milliard dollara çenli azaldy, esasanam Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasynyň arzanlamagy muňa sebäp boldy.
Soňky bir hepdäniň dowamynda Tesla 85 milliard dollar arzanlady, kompaniýanyň bazar kapitalizasiýasy 390 milliard dollara çenli azaldy diýip, Financial Times gazeti takyklaýar. Diňe bir ýylda Teslanyň bahasy iki esse düşdi, ýanwar aýynda 1,2 trillion dollar diýlip çaklanyldy. Maskyň Twitter sosial toruny satyn almagy maliýeleşdirmek üçin kompaniýanyň paýnamalaryny satmak kararyna gelmegi, şeýle hem maýadarlaryň elektrik ulaglaryny satmagyň geljegi baradaky aladalanmalary Teslanyň paýnamalaryna ýaramaz täsirini ýetirdi.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......