Arkalaşygyň ýurtlarynyň Baştutanlaryna Täze ýyl sowgady hökmünde GDA nyşanly ýüzükler berildi

  • 28.12.2022 17:01
  • 33k+

GDA ýurtlarynyň Baştutanlaryna Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitde Täze ýyl gutlaglary bilen sowgat hökmünde «Klub ýüzükleri» gowşuryldy. Bu barada «Pul perwogo» telegramm-kanaly habar berýär.

Arkalaşygyň nyşany bolan ýüzük Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem gowşuryldy.
Dokuz ýüzük 26-27-nji dekabrda Russiýanyň Demirgazyk paýtagtynda geçirilen GDA-nyň liderleriniň resmi däl duşuşygy üçin ýörite ak we sary altynyň ergininden ýasaldy. GDA-nyň nyşany bezegiň merkezinde ýerleşdirilip, iç ýüzünde bolsa “Täze 2023-nji ýylyňyz bilen” diýen gutlag iri harplar bilen ýazylypdyr. Şeýle hem onda sammitiň geçirilen döwletiniň - Russiýanyň ady görkezilipdir diýip, habarda aýdylýar.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......