Messiniň Dünýä çempionaty — 2022-de ýaşan otagy muzeýe öwrüler

  • 28.12.2022 11:51
  • 30k+

Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň dünýä çempionaty-2022 wagtynda ýaşan otagy muzeýe öwrüler diýip, RMC Sports habar berýär.

Bu barada Dohada dünýä çempionaty wagtynda Argentinanyň ýygyndysynyň ýaşan Katar uniwersiteti habar berýär. Otagy, syýahatçylar gelip görer ýaly, Messiniň goýup gidişi ýaly görnüşde üýtgetmän saklap galmak karar edildi.
Gapa L.Messi diýen ýazgyly belgi we Argentinanyň baýdagy berkidildi.

18-nji dekabrda dünýä çempionatynyň final oýnunda Argentinanyň ýygyndysy Fransiýanyň ýygyndysyny utdy we kubogyň täze eýesi boldy. 35 ýaşly Messiniň karýerasynda bu DÇ-niň birinji titulydyr.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......