Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň taslamasy taýýarlanylýar

  • 24.12.2022 08:23
  • 16k+

Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H.Geldimyradow 23-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu taslama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.
Belläp geçsek, häzirki wagtda erkin ykdysady zolaklar dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we okgunly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýär. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maglumatlary we tehnologiýalary alyşmak, ykdysady taýdan ýakynlaşmak işlerini çuňlaşdyrmak, halkara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr.


şu gün 11:05
1.9k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......