Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy

  • 24.12.2022 08:08
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Degişli resminama döwlet Baştutany anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet ministrliklerine, Ylymlar akademiýasyna, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine hem-de beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Wise-premýer N.Amannepesowyň mejlisiň barşynda belleýşi ýaly, 2023-2024-nji ýyllarda geçiriljek çäreler türkmen halkynyň beýik akyldarynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan mynasyp orun alan baý we gymmatly edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge gönükdiriler. Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen bilelikde baýram ediler. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda halkara ylmy maslahatlary, tanyşdyrylyş dabaralaryny, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.


19.06.2026 11:22
4.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......