Alymlar Ýerdäki suwuň ýaşyny kesgitlediler

  • 22.12.2022 16:18
  • 31k+

Fransiýanyň we Hytaýyň astrofizikleri Ýerdäki suwuň ýaşyny kesgitlediler. Barlaglar onuň Gün ulgamy bilen bir wagtda, ýagny azyndan 4,5 milliard ýyl ozal peýda bolandygyny görkezdi diýip, GeoScienceWorld Elements habar berýär. 

Alymlar suwuň peýda boluş prosesini beýan etdiler. Ol dört tapgyrdan geçipdir we wodoroddan, geliýden, ugleroddan dörän deslapky bulutdan gözbaş alypdyr. 
Şeýlelikde, ilki kislorodyň molekulalary zatlaryň tozlaryna «ýelmeşipdir». Wodorodyň has ýeňiljek molekulalary tozanjyklar bilen çaknyşyp, kislorod bilen birleşipdirler.  Şeýle täsir edişmäniň netijesinde suw buzy peýda bolupdyr. Bu sowuk faza diýip atlandyrylýan ilkinji faza bolupdyr.
Soňra grawitasiýa sebäpli materiýa buludyň merkezine toplanyp başlapdyr we  protoýyldyzy döredipdir. Temperatura ýokarlanyp, buz suw buguna öwrülipdir (ikinji faza).
Şondan soň protoplaneta diski kemala gelip başlapdyr. Suw bugy sowuk ýerlere aralaşyp, gaýtadan buza öwrülipdir (üçünji faza). Planetanyň gutarnykly dördünji tapgyrynyň dowamynda asteroidler we kometalar özleriniň häzirki keşbine eýe bolup ugrapdyrlar we bu jisimler suwy häzirki ýagdaýynda özi bilen äkidip ugrapdyrlar.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....