Toyotanyň ýolbaşçysy diňe elektromobilleri çykarmaly diýen strategiýanyň dogrulygyna şübhelendi

  • 22.12.2022 15:54
  • 24k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor Corp awtokonserniniň prezidenti Akio Toýoda özüni zyýanly zyňyndylaryň bolmazlygyny gazanmak üçin diňe elektrokarlary öndürmeli diýen strategiýanyň dogrulygyna şübhelenýän «dymma köpçüligiň» biri hasaplaýar.

«Awtoulag senagatyna ulaşan adamlar, esasan, dymma köpçülikdir. Şol dymma köpçüligi elektromobil ýeke-täk opsiýa hasaplanýarmyka diýen sowal biynjalyk edýär. Şeýle-de bolsa olar muny (elektrokarlaryň önümçiligini) trend diýip pikir edýärler we pikirlerini aýtmakdan çekinýärler» - diýip, Toýoda özüniň Tailanda sapary wagtynda aýtdy.

Gibrid awtoulaglar we wodorod ýangyjy bilen işleýän awtoulaglar awtoulag senagatynda energetika geçmek strategiýasynyň möhüm bölegi hasaplanýar. Sebäbi çig malyň bahasynyň galýandygy sebäpli elektriki ulaglaryň önümçiligi barha gymmatlaýar, munuň ýaly ulaglara zarýad bermegiň infrastrukturasy bolsa dünýäniň aglaba ýurtlarynda entek ösmedik.

“Dogry jogabyň henizem düşnüksizligi sebäpli, biz diňe bir opsiýa bilen çäklenip oturmaly däl” – diýip, The Wall Street Journal neşiri Toýodanyň sözlerini getirýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......