Özbegistanyň Şahrisabz şäheri 2024-nji ýyl üçin YHG-niň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlandy

  • 16.12.2022 15:52
  • 12k+

Özbegistanyň Şahrisabz şäheri 2024-nji ýyl üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlandy.

Degişli karar 13-nji dekabrda onlaýn görnüşde geçirilen YHG döwletleriniň syýahatçylyk ministrleriniň dördünji mejlisiniň netijesinde kabul edildi. Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Syýahatçylyk we medeni miras ministri Aziz Abduhakimow mejlisi açmak bilen, syýahatçylygyň ösüşe esasy ýardam edijileriň biri we medeni däp-dessurlaryň hem gymmatlyklaryň üstüni ýetirmek arkaly sebitiň halklaryny birleşdiriji berk köpri bolup hyzmat edýändigini belledi.
YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri syýahatçylyk pudagynyň YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýyşlaryna laýyklykda guramanyň ösüş üçin ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň hataryna goşulandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, YHG sebiti ÝUNESKO tarapyndan hasaba alnan Bütindünýä mirasynyň 74 obýekti üçin öý bolup, dürli syýahatçylyk potensialyna eýedir.
Duşuşyga gatnaşyjylar YHG sebitinde COVID-19-dan soň syýahatçylygyň dikeldilmegine, howpsuz we durnukly ösüşe ýardam bermek boýunça agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin umumy esas hökmünde “Ýol kartasyny” kabul etdiler we Özbegistanyň Şahrisabz we Türkiýäniň Erzurum şäherlerini, degişlilikde, 2024-nji we 2025-nji ýyllar üçin YHG-niň syýahatçylyk paýtagtlary hökmünde saýladylar.
Mundan başga-da, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk barada Samarkant jarnamasy kabul edildi we yglan edildi.
YHG-niň syýahatçylyk ministrleriniň 5-nji mejlisi 2023-nji ýylda Eýranyň Ardebil şäherinde geçiriler.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......