Gurbanguly Berdimuhamedow gazak halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 16.12.2022 13:12
  • 5k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Gutlag hatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Gazagystanyň durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanmagy başarandygy bellenilýär. Gazagystan häzirki wagtda dünýäde mynasyp orny eýeleýär.

“Bu gün Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar ýokary depginlerde ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň hem işjeň ösdürilýändigi bizi begendirýär. Olar biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......