Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýew bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 14.12.2022 15:46
  • 7.9k+

Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly uglewodorod baýlyklaryna eýe bolan goňşy ýurtlaryň amatly geografiki ýagdaýyny göz öňünde tutup, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem häzirki zaman üstaşyr we ulag infrastrukturasyny döretmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň gazanan üstünlikleriniň hatarynda görkezildi.
Belläp geçsek, Ilham Aliýew Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......