«Awazada» Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika ministrleriniň gepleşikleri geçirildi

  • 14.12.2022 12:18
  • 4.5k+

13-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meselelerine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de bilelikdäki işiň soňky ýyllarda gazanylan oňyn tejribesini hem-de bar bolan serişdeler we önümçilik kuwwatyny nazara almak bilen, täze geljegi uly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikleriň hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmaga hem-de özara bähbitleri nazara almaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.


düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......