Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 13.12.2022 07:03
  • 19k+

12-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Munuň özi özara düşünişmek we açyklyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklara mahsus ýörelgedir. Bu bolsa dostlukly hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň sebitleýin, şeýle-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy hem ýakyndygy aýdyldy. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň we halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Şol bir wagtyň özünde soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyny şertlendirýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegine ýardam berýär.
Hyzmatdaşlygyň geljekde täze ugurlarynyň wajypdygy barada hem aýdyldy. Biziň ýurtlarymyz özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedirler.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......