Ahal welaýatynyň täze merkeziniň birinji tapgyrynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär

  • 11.12.2022 13:25
  • 30k+

10-njy dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine nobatdaky saparyny amala aşyrdy.

Onuň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ol ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan şekil taslamalary, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlaýjy tapgyrynda dowam edýän gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde merkeziň metjidiniň, ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginde ulanyljak mermer daşlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.
Şeýle hem bu ýerde merkeziň bilim ojaklarynda ornaşdyrylýan interaktiw tagtalar görkezildi. Onda geçilýän sapagyň mowzugy, mugallymyň ýumşy we bilim alýan ýaşlaryň berlen ýumşy ýerine ýetirilişi görkezilýär. Mundan başga-da, bu maglumatlar mekdebiň ýolbaşçylary hem-de okuwçylaryň ene-atalary üçin elýeterli bolar.
Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň dükanlarynda onlaýn söwdany gurmak üçin niýetlenen tehnologiýalar bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny türkmen halkynyň milli baýramçylyk ýörelgelerine laýyklykda geçirilmelidigini belledi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişip, dürli maksatly desgalaryň bina edilmegine örän jogapkärçilikli we häzirki zaman binagärlik tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini belledi.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......