Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

  • 10.12.2022 12:52
  • 6.8k+

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi.

Myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
K.Kosaçýowyň belleýşi ýaly, Russiýada ykdysady ösüş babatda ýokary görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär hem-de köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirip, Federal Geňeşiň Başlygy Walentina Matwiýenko mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary ösdürmäge, zenanlaryň hem-de ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.


şu gün 13:44
448

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......