Ýer planetasynyň iň meşhur suratynyň düşürilenine 50 doldy

  • 10.12.2022 11:47
  • 18k+

Ýeriň Blue Marble ("Mawy mermer") atly belli suratyna 50 ýyl boldy. Tegelek ýarym asyr mundan öň - 1972-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ony «Apollon-17» missiýasynyň astronawtlary surata düşüripdiler diýip, CNN ýazýar. 

Aýa soňky pilotirlenýän uçuş wagtynda NASA-nyň astronawtlary Ýujin Sernan, Ronald Ewans we Harrison Şmitt Hasselblad kamerasynyň kömegi bilen planetany 45 müň km töweregi aralykdan surata almagy başardylar. Älemiň  gara boşluk bilen jäheklenen Ýeriň äp-äşger görünýän suraty alyndy. Olara planetany dolulygyna, Aýyň kölegesi ýapmaýan görnüşde surata almak başartdy.   
NASA-nyň taryhy bölüminiň işgäri Stiwen Garberiň sözlerine görä, "Apollon-17"-niň ekipažy soňlugy bilen alamata öwrüljek suraty almagy öz öňünde wezipe edip goýmandy. Şeýle-de bolsa 1960-njy ýyllaryň başyndan başlap "Jemini" maksatnamasy (ABŞ-yň pilotirlenýän kosmiki uçuşlarynyň ikinji maksatnamasy) wagtynda NASA ähli astronawtlaryň surata almagy öwrenmegiň okuwyny geçmegini talap edip ugrady. Kosmiki agentlik düşürilen suratlaryň dünýä tejribe bolmagyny, älemiň ägirtligini görkezmegini isleýärdi diýip, Milli awiasiýa we kosmonawtika muzeýiniň kuratory Tizel Mýuir-Garmoni  gürrüň berdi.


düýn 20:31
2.6k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....