Raşid Meredow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» nyşany bilen sylaglandy

  • 10.12.2022 02:45
  • 18k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy.

9-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer R.Meredowyň köp ýyllardan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edip gelýändigini, onuň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli ýurtlary bilen döwletimiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda we ösdürmekde uly işleri bitirendigini belledi. 
Şoňa görä-de, Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini nazara alyp, R.Meredowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak barada karara gelendigini habar berdi hem-de bu baradaky resminama gol çekdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......