Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 06.12.2022 12:07
  • 12k+

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Raşid Meredow Azerbaýjanyň Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurduň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny ýetirdi.
Gürrüňdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady, ulag we ynsanperwerlik babatda üstünlikli ösýändigi bellendi diýip, Azerbaýjanyň baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär. Gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.
Şeýle-de, üstümizdäki ýylda Ilham Aliýewiň Aşgabada bolan saparynyň (Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Sammitine gatnaşmak üçin)  we şonda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň  ähmiýeti nygtaldy. 


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......