Serdar Berdimuhamedow Eýranyň energetika ministrini kabul etdi

  • 01.12.2022 08:55
  • 7k+

30-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
EYR-nyň energetika ministriniň Aşgabada saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk birnäçe pudaklar boýunça işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy tebigy serişdelere baý bolmak hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmek bilen, daşary ykdysady, energetika we üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek babatda gatnaşyklaryň has işjeň guralyny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Şunda anyk netijelere gönükdirilen türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......