BSGG maýmyn mamasynyň täze adynyň mpox boljakdygyny mälim etdi

  • 29.11.2022 16:44
  • 8.5k+

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) resminamalarynda maýmyn mamasy indi mpox diýlip atlandyrylar. Ýylyň dowamynda täze at bilen bir hatarda öňki resmi at hem ulanylar diýip, BSGG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Dünýäniň hünärmenleri bilen geçirilen birnäçe maslahatyň netijesinde BSGG maýmyn mamasynyň (iňlisçe, monkeypox) sinonimi hökmünde täze “mpox” adalgasyny ulanyp başlar” – diýlip, habarda aýdylýar.
“Maýmyn mamasy” adynyň ulanylyşy kem-kemden bes edilýänçä, ýylyň dowamynda atlaryň ikisi-de bir wagtyň özünde ulanylar” – diýip, gurama belleýär.

BSGG geçirilen köpçülikleýin we şahsy duşuşyklarda birnäçe adamyň we ýurduň biynjalyk bolandygyny we BSGG-den keseliň adyny üýtgetmegiň ýoluny teklip etmegi haýyş edendigini düşündirýär. Bu şu ýylyň başynda dünýäde maýmyn mamasy ýaýrandan soň BSGG-e birnäçe ýurtda “käbir jemgyýetlerde”, şeýle-de “onlaýn” “jynsparaz we kemsidiji sözleriň” eşidilýändigi baradaky habarlaryň gelip gowuşmagy bilen baglanyşyklydyr.
BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus maýmyn mamasy üçin “täze iňlis dilindäki sinonim – mpox-y” ulanmagy maslahat berdi. “Bir ýyllyk geçiş döwründen soň mpox ileri tutulýan adalga bolar” – diýip, gurama jemleýär. Ol Keselleriň halkara klassifikasiýasyna giriziler.


26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......