Ýelizaweta II-niň Jaguar-y 39200 funt sterlinge satyldy

  • 29.11.2022 13:23
  • 10k+

Ýelizaweta II-niň münen doly priwodly Jaguar-y auksionda 39 müň funt sterlingden gowrak pula satyldy. Iňlis şa zenany 2009-njy ýylda goýberilen bu ulagyň ilkinji we ýeke-täk eýesi bolupdyr diýip, MIR24 habar berýär. 

Şa zenany ulagy üstümizdäki ýylyň ýazyna çenli münüpdir. Ýelizaweta itleri saklamagy aşa gowy görensoň, ulagyň yzynda onuň gowy görýän haýwanlaryny salar ýaly örtügi hem bar.
Jaguar lineýkadaky iň uly hereketlendiriji bilen üpjün edilen. Şa zenanynyň ulagy 117 müň kilometr ýol geçipdir. Bu model beýle bir uly islegden peýdalanmandyr, emma muňa derek ol hut Ýelizaweta II-niň iň gowy görýäni eken.


düýn 23:53
996

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....