Mask: Twitteriň işjeň ulanyjylarynyň sany rekord derejä ýetdi

  • 24.11.2022 15:52
  • 5.5k+

Twitter sosial ulgamynyň işjeň ulanyjylarynyň sany geçen hepde 259,4 mln adama ýetdi, bu hem rekord görkezijidir. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi diýip, TASS belleýär.

Mask sosial ulgamyň ulanyjylarynyň sanynyň hepdeler boýunça – 2-nji oktýabrdan 20-nji noýabr aralygynda üýtgeýşiniň tertibini habara goşýar. Oktýabr aýynyň başynda işjeň ulanyjylaryň görkezijisi 250,5 mln adama barabardy, 20-nji noýabrda bolsa 259,4 mln adama ýetdi.
Germaniýanyň Statista statistika kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde 237,8 mln adam sosial ulgamdan işjeň peýdalandy. Ondan öňki görkezijiler hasam pes. Mask çärýek däl-de, hepdeler üçin statistikany berýär. Heniz şu ýylyň üçünji we dördünji çärýekleri üçin anyk maglumatlar ýok.

“Ýagdaý ep-esli gowlanar, sebäbi Twitter Demirgazyk Amerikanyň, Günbatar Ýewropanyň we Ýaponiýanyň çäginden daşary hem işjeň ulanylyp başlandy” – diýip, telekeçi belledi.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......