Hindistan daşary ýurtly syýahatçylar üçin giriş düzgünlerini gowşatdy

  • 23.11.2022 11:50
  • 8.3k+

Hindistanyň häkimiýetleri 22-nji noýabrdan koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen daşary ýurtlular üçin giriş talaplarynyň aglabasyny ýatyrdylar, indi olara uçuşdan öň sanjym maglumatlary bilen anketany doldurmak hökman däl diýip, Times of India portaly habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

“Öň Hindistana gatnaw üçin hasaba alyşda syýahatçylar ýörite Air Suvidha anketasyny dolduryp, onda kowide garşy alnan sanjymlar barada maglumatlary görkezmelidi. Diňe şeýle şert bilen olar uçara münüp bilýärdiler. Bu Hindistana ugraýan daşary ýurtlularda nägilelik döretdi. 22-nji noýabryň ýarygijesinden başlap anketany doldurmak hökmany däl” – diýip, neşir ýazýar.

“Koronawirus bilen keselleme hadysasynyň azalmagy, tutuş dünýä boýunça, şol sanda Hindistanda sanjymlaryň işjeň alnyp barylmagy bilen baglylykda koronawirusa garşy çäklendirmeler gowşadyldy” - diýip, portal belleýär.

Geçen hepde häkimiýetler içerki we halkara gatnawlarda hökmany örtük dakynmak düzgünini ýatyrdylar. Indi syýahatçylara munuň üçin jerime salynmaz.
Rugsat berlen içerki we halkara uçuşlaryň sanyna çäklendirmeler hem ýatyryldy. Şol bir wagtyň özünde Saglygy goraýyş ministrligi Hindistana gelýän adamlaryň ählisine öz ýurtlarynda tassyklanan sanjym tertibine laýyklykda sanjym almagy maslahat berýär. Şeýle-de, Hindistana uçuş wagty örtük dakynmak maslahaty hem saklanýar. Uçuş wagty koronawirus alamaty bolan islendik ýolagçy izolýasiýa edilip bilner. Mundan başga-da, ýolagçylaryň uçardan düşmegi distansiýa talaplaryny berjaý etmek bilen amala aşyrylmaly.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......