Raşid Meredow german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 18.11.2022 08:15
  • 7.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Germaniýanyň iki sany kompaniýasynyň — işewür ulgamda korporatiw maliýelere ýöriteleşen Goetzpartners Corporate Finance we döwlet ulgamynyň edaralary üçin dolandyryş we maslahat meseleleri bilen meşgullanýan Prodoehl Consult kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

«Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy» - diýlip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, nemes işewür wekiliýetiniň Türkmenistan Hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirilmegi meýilleşdirilýär.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......