Italiýada ilkinji gezek 100 ýaşdan geçip ýogalan adamyň bagry başga birine goýuldy

  • 14.11.2022 14:00
  • 23k+

100 ýyl 10 aý ýaşap ýogalan italýan zenany dünýäde iň garry donor boldy. Şenbe güni La Stampa gazetiniň habar bermegine görä, dünýä lukmançylygynyň tejribesinde 100 ýaşdan geçen adamlaryň beden agzalarynyň donor edilen ýagdaýy heniz bellige alynmandy.

Öz ajalyna ýogalan zenanyň bagryny başga adama goýmak üçin aldylar. Florensiýanyň hassahanasynda geçen operasiýa şowly boldy diýip, neşir takyklaýar.
Umuman, Italiýada gartaşyp ýogalan adamlar öň hem donor bolýardylar. 97 ýaşly donorlar Florensiýada 2019-njy ýylda, Grosettoda - 2018-nji ýylda, Rawennede 2008-nji ýylda we Sawonede 2003-nji ýylda bolupdy. Özboluşly rekorda öwrülen soňky ýagdaý bir aý töweregi mundan öň Marke oblastynda bolup geçipdi. Ol ýerde ýogalyp, bagryny donor beren aýal 97,5 ýaşdan geçipdi. Bu Italiýa üçin rekord hasaplandy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......