Gurbanguly Berdimuhamedow Maryda kärendeçi daýhanlar bilen görüşdi

  • 13.11.2022 20:44
  • 15k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji noýabrda Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň kärendeçi daýhanlarynyň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Hususan-da, saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Mary etrabynyň «Milli goşun» daýhan birleşiginiň pagtaçy-kärendeçisi Döwletgeldi Rejebowyň hem-de «Zarpçy» daýhan birleşiginiň gallaçy-kärendeçisi Muhammetmyrat Ýaşarowyň kärende ýerine baryp, olar bilen gürrüňdeş boldy.
Kärendeçi daýhan D.Rejebow on iki ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny we kärende ýerinde gowaça, bugdaý we  beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýändigini, şeýle hem häzirki güne çenli 12 gektar kärende ýerinden 12 tonna pagta hasylyny döwlete tabşyrandygyny, ýene-de bu ýerden 15 tonna hasyl almagy meýilleşdirýändigini gürrüň berdi.
Gallaçy-kärendeçi Muhammetmyrat Ýaşarow özüniň 4 gektar kärende ýerinde bugdaý ösdürip ýetişdirýändigini, şu günler ak ekinlere ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýandygy barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol özüniň 22 ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, bir oglunyň we bir  gyzynyň bardygyny, mellek ýerinde gök ekinleri we  miweli baglary ösdürip ýetişdirýändigini gürrüň berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy daýhanlary Hasyl toýy bilen gutlap, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi daýhanlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.


düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......