Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda bag nahallaryny ekmek dabarasyna gatnaşdy

  • 12.11.2022 08:00
  • 23k+

Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkant sammitiniň çäklerinde Guramanyň döwletleriniň ählisinde bag ekmek dabaralary geçirildi.

— Bu giň gerimli işler, bag ekmek çäreleri türki halklaryň ösüşi we abadançylygy gazanmaga ymtylýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi we bu asylly işiň netijelerini häzirki hem-de geljek nesilleriň görjekdigine, şu gün oturdylan bag nahallarynyň ýaşaýyş-durmuşyň, dostlugyň, ynanyşmagyň, ruhy bitewüligiň, umumy röwşen geljegiň kuwwatly daragtlary bolup ýetişjekdigine ynam bildirdi.

Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde şol wagt dostlugyň we raýdaşlygyň nyşany hökmünde bag nahallaryny ekmek dabarasyna badalga berildi. Bu dabaralar göni wideoaragatnaşyk arkaly ýörite oturdylan uly monitorda görkezildi.
10 müň türkmenistanlynyň gatnaşmagynda şeýle giň gerimli bag ekmek çäresi Türkmenistanda hem geçirildi. Onuň çäklerinde Köpetdagyň eteginde 25 gektar meýdanda 10 müň düýp bag nahaly ekildi.
Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, wekiliýetleriň Baştutanlary Samarkandyň merkezi meýdançasy “Registanda” surata düşdüler.


düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......