Italiýanyň şäheri mesgen tutmak isleýänlere 30 müň ýewro tölär

  • 07.11.2022 14:22
  • 15k+

Italiýanyň Presiççe-Akwarika şäheri (Apuliýa sebiti) şäherde öý satyn alyp, hasaba alnan islendik adama 30 müň ýewro möçberinde grant berip başlar. Bu barada forbes.kz habar berýär.

Grant muzdsuz esasda berler. Onuň bilen ýaşaýyş jaýynyň 50%-ini tölemek ýa-da satyn alnan emlägiň abatlaýyş işlerine sarp etmek bolar. Presiççe-Akwarikada öýleriň bahasy 40 müň ýewrodan, ýaşamak üçin jaýlaryň bahasy 60 müň ýewrodan başlanýar.
Şeýlelik bilen, şäher häkimligi şähere täze ýaşaýjylary çekmek isleýär. Beýleki köp sanly oba ýerleri ýaly Presiççe-Akwarika hem ýaşaýjylarynyň has uly ilat nokatlaryna göçmeginden kösenýär. Häzirki wagtda şäherde 10 müňden gowrak adam ýaşaýar. Şäherlilere gitmek barada pikirlenmäge ýol bermezlik üçin häkimlik hatda çaganyň dünýä inmegine müň ýewro-da berip başlady.
Presiççe-Akwarikada öý satyn almak üçin grant Italiýada şeýle görnüşli ilkinji taslamadyr. Şeýle tölegi ýakyn wagtda Sardiniýadaky obalaryň birinde-de girizmek meýilleşdirilýär. Ol ýerde grantyň mukdary 15 müň ýewro bolar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......