Türkmenistanyň Prezidenti bazarlaryň harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

  • 05.11.2022 08:41
  • 38k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligiň möhümdigini belledi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,4 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň arassa pagtadan hem-de ýüpekden dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge hem-de möçberini durnukly artdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýdyp, wise-premýere bu pudagyň kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, taýýar önümleriň täze görnüşlerini öndürmek ugrunda netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.


şu gün 11:05
1.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.5k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......