Türkmenistanyň we RF-niň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň başlyklarynyň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

  • 04.11.2022 08:41
  • 10k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň başlyklarynyň orunbasarlary K.Babaýewiň we K.Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň kanunçylyk edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň dowamynda häzirki döwürde türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň, yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, munuň şeýledigine 1-nji noýabrda gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk şaýatlyk edýär.
Wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iş alyp barmagyň täze görnüşlerini işläp düzmek barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentarileriniň bilelikdäki mejlisleriniň geçirilmegine gyzyklanma bildirip, wekiliýetleriň agzalary birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň döwlet we hökümet Baştutanlary tarapyndan gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň gurallary hem garalan meseleleriň biri boldy. Kanunçykaryjylyk işi babatda gatnaşyklary giňeltmegiň ýollarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......