Türkmenistan bilen RF Parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

  • 01.11.2022 22:33
  • 15k+

1-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Parlamentara toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy gol çekdiler. Bu barada RF-niň Federasiýa Geňeşiniň saýty habar berýär.

 Federasiýa Geňeşiniň Başlygy toparyň milli düzümlerini düzmäge başlamak, birinji mejlisi geçirmegiň möhletleri, onuň barşynda düzgünnamany we toparyň işiniň ýyllyk meýilnamasyny düzmek hakynda tabşyryklary berdi. Matwiýenko Toparyň birinji mejlisini Moskwada we Astrahanda geçirmegi teklip etdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň  hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi. Onda medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......