Arkadagda şäheriň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi

  • 30.06.2025 17:43
  • 5.9k+

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.

Täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde köp sanly ýaşaýjylara döwrebap jaýlardan ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy.
Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şäher häkimliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, önümçilik pudaklaryny ösdürmek bilen bagly durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda iri şähergurluşyk taslamalaryna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.
50-den gowrak ýerli hususy kärhana Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar. Şunuň bilen bir hatarda, lukmançylyk klasteriniň gurluşygynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary iş alyp barýarlar. Maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň halkara ülňülere laýyk gelýändigini bellediler.
Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy açyldy. Ol halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän ýerli çig maldan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik sarp edilýän serişdeleri öndürýär.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Çäräniň çäklerinde dürli önümleriň we işläp taýýarlamalaryň sergisi hem guraldy. Myhmanlar şäheriň binagärlik aýratynlyklaryna, onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar baradaky maglumatlar, fotosuratlar bilen tanyşdyryldy.
Agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....