Geljek ýylda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetiniň düýbi tutulyp bilner

  • 02.11.2022 12:50
  • 21k+

1-nji noýabrda Moskwada geçirilen türkmen-rus parlament duşuşygynyň dowamynda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek bilen bagly meselä hem garaldy.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna rus diline we tutuşlygyna rus medeniýetine berýän uly ünsi, Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjy üçin hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda, GDA-nyň çägindäki Rus diliniň ýylynda biziň eýýäm bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynyň tutulyp bilinjekdigini aýtdy.
10-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek teklibini öňe sürüpdi. Şonda Prezident Wladimir Putin: «Russiýa dürli ugurlarda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýakyndan ýardam berýär. Türkmen ýaşlarynyň arasynda rus bilimine gyzyklanmalar durnukly ýagdaýda ýokary bolmagynda galýar» diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek hakyndaky teklibini goldaýandygyny mälim etdi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragy okaýar. Şolaryň 4 müň 300-den gowragy bolsa býujetiň maliýeleşdirmeginde bilim alýan talyplardyr.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....