Raşid Meredow Seulda Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

  • 25.10.2022 09:11
  • 10k+

24-nji oktýabrda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok-Su bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine gyzgyn salamlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň halkara meýdançalardaky, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada bellenildi. Şeýle-de söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlary boýunçaTürkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başga-da, ýakyn wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.
Taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň anyk netijelerini, şol sanda Aşgabatda Patyşa Sejong adyndaky institutyň gaznasynyň Koreý dili we medeniýeti boýunça bilim beriş merkeziniň açylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapynyň bilim, şol sanda döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanmasy bildirildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......