Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Respublika gününi gutladylar

  • 25.10.2022 09:07
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda Gazagystanyň döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny nygtap: “Men ýaňy-ýakynda Gazagystana amala aşyran döwlet saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Bu sapar biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek, iki ýurduň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak ýolunda möhüm tapgyr boldy” diýip belledi.

“Gazagystanyň halkynyň durmuşynda örän möhüm bolan şu şanly günde ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar boýunça ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhleti nazarlaýandygyny we netijeli häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk däp bolşy ýaly, açyklyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýär” diýlip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlag hatynda nygtalýar.


06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......