Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň düýbi tutuldy

  • 22.10.2022 10:03
  • 26k+

21-nji oktýabrda ýurdumyzda saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyşynyň çäklerinde teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek maksady bilen, serhetýaka zolaklaryň — Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek.
Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda goňşy Özbegistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada iki ýurduň Liderleriniň Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek boýunça işleriň çalt tamamlanmagynyň zerurdygyny bellemekleri şu gün serhetýaka söwda zolagynyň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagyny şertlendirdi. Bu merkeziň işi özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, senagat kooperasiýasyny ösdürmäge hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Ýeri gelende bellesek, Özbegistan Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.  Soňky bäş ýylda özara söwda dolanyşygynyň möçberi 5 essä golaý ýokarlanyp, geçen ýylda bu görkeziji 902 million amerikan dollaryna barabar boldy. Özbegistanyň resmi gulluklary türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň şu ýylyň dokuz aýynda 570 million amerikan dollaryna golaýlandygyny habar berýärler. Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň 173-si hereket edýär.


şu gün 16:30
247

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......