Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda özbek kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 21.10.2022 14:49
  • 11k+

«Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Köşgüň «Rowaç» otagynda geçen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda «Soltan Sanjar» zalynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak, owgan meselesinde tagallalary birleşdirmek, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral meselesi boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň esasyny düzdi.


Taraplar energetika, ulag ulgamlaryny, goňşy sebitleriň arasyndaky göni gatnaşyklary ösdürmegi, himiýa senagatyny, senagat kooperasiýasyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Şunda Aşgabatda gurlan «Daşkent» seýilgähiniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de taraplar Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň döredilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň yzysüre iki dostlukly döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......