Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda metbugat topary dörediler

  • 21.10.2022 14:30
  • 8.2k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada 20-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow degişli teklibi hödürledi.

Şeýle-de Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sebit we halkara teleýaýlymlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara habarlar giňişligine goşulyşmagynyň, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Bu ulgamda alnyp barylýan işler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine öňdebaryjy sanly multimedia tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilmelidir, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäniň media giňişliginde mynasyp wekilçilik etmelidigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......