Türkmenistan “EKSPO — 2025” sergisine gatnaşmaga taýýarlanýar

  • 21.10.2022 14:29
  • 7k+

Ýurdumyzyň bu sergä gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri barada 20-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň kuwwatyny görkezmek üçin degişli düzümler bilen bilelikde Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak we ony enjamlaşdyrmak, bezeg işlerini amala aşyrmak babatda, şeýle-de beýleki guramaçylyk işleri geçirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine gatnaşmagynyň ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini halkara bileleşige giňden görkezmäge, dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini nygtady we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......