Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi garşylady

  • 21.10.2022 11:06
  • 10k+

TmCarsinfo-nyň ozal habar berşi ýaly, düýn Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda dostlukly döwletiň Baştutanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar berşi ýaly, saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde gepleşikler geçirilýär. Ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Şeýle-de iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş ederler.

Saparyň çäklerinde dostlukly döwletiň Lideriniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşyna we onuň çäklerinde teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmaklary bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalara öwrüler.


şu gün 16:30
232

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......