Serdar Berdimuhamedow şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly Ärdogana gynanç bildirdi

  • 16.10.2022 14:27
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Bartyn welaýatynda kömür şahtasynda bolup geçen partlama zerarly köp sanly adam pidalary bilen bagly Prezident Rejep Taýyp Ärdogana gynanç hatyny iberdi.

Türkmen Lideri heläkçiligiň pidalarynyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden çykýan medet beriji sözlerini ýetirdi, şikes alanlara bolsa, tiz wagtda gutulmagyny arzuw etdi.
TmCars.info-nyň öň habar berşi ýaly, soňky maglumatlara görä, Türkiýäniň Bartyn welaýatynda Amasra etrabynda kömür şahtasynda bolup geçen heläkçilik zerarly aradan çykanlaryň sany 41 adama ýetdi.

Amasra etrabynda şahtalaryň birinde anna güni ýerli wagt bilen 18:15-de partlama bolup geçdi.


düýn 20:33
4.9k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

24.02.2026 10:49
13k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

18.12.2025 11:45
12k+

Türkiýäniň Mermer deňziniň suwy gysga wagtyň içinde kenardan 20 metr çekildi

Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi şäheriniň ýaşaýjylary Mermer deňziniň suwunyň kenarýakadan birden 20 metr çekilendigi barada habar berdiler. Netijede, 16-njy dekabrda kenarýakada çäge adajyklary emele geldi diýip, Haberturk teleýaýlymy habar berýär...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...