Serdar Berdimuhamedow: «Owganystan biziň serhetlerimiziň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir»

  • 14.10.2022 17:29
  • 34k+

«Parahat, durnukly we gülläp ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, biziň raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir» diýip, Astanada dowam edýän «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda bellemek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara gün tertibiniň aýratyn mowzugy bolan Owganystandaky ýagdaýlara ünsi çekdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany çykyşynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlary syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň owgan ugurly missiýalarynyň tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.
Owganystanyň halkara we sebitleýin ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy möhüm mesele bolup durýar. Şoňa görä-de, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda şu ugurda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iri taslamalar hakynda durup geçdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, türkmen topragyndan owgan tarapyna çekilen demir ýollar barada barýar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....