Raşid Meredow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 13.10.2022 09:15
  • 9.5k+

12-nji oktýabrda agşam Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri, sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçysy Muhtar Tleuberdiniň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

«Gepleşikleriň netijeleri boýunça Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çözgütler kabul edildi» - diýlip, habarda aýdylýar.

Ministrler şeýle hem 14-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek GDA-nyň sammitinde döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürleniljek resminamalaryň taslamalaryny ylalaşdylar


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......