Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş, bilim we sport ugurly halkara foruma gatnaşyjylary gutlady

  • 10.10.2022 12:14
  • 9k+

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli iberen Gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.

Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany Gutlagynda: “Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap köpugurly hassahanalary, Daşoguz şäherinde bolsa onkologiýa hassahanasyny ulanmaga berdik. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde köpugurly hassahananyň, onkologiýa, “Tiz kömek”, çagalar sagaldyş-dikeldiş, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň, saglyk öýüniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Aşgabat şäherinde hem Halkara fiziologiýa we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, welaýatlarymyzda döwrebap hassahanalaryň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemek, olary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär” diýip belledi.

Şeýle-de Gutlagda: “Bilim biziň beýik geljegimizdir. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlarymyz, ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek bilen bagly täze wezipeleri kesgitledik. Bu wezipeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagynyň ygtybarly kepili bolup durýar” diýlip nygtalýar.

“Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýarys. Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda geljekde-de halkymyzyň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň kepili bolan bu möhüm işleriň giň gerimde durmuşa geçiriljekdigini nygtady.


düýn 20:41
1.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.7k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......