Gazagystanyň mejlisi Hazar boýunça Türkmenistan bilen baglaşylan şertnamanyň ratifikasiýasyny makullady

  • 07.10.2022 07:18
  • 11k+

Gazagystanyň Mejlisi (parlamentiň aşaky palatasy) Türkmenistan bilen baglaşylan şertnamanyň ratifikasiýasyny makullady. Gürrüň gazak-türkmen döwlet serhediniň delimitasiýasy we Hazar deňzindäki ýanaşyk balykçylyk zolaklarynyň  ýerlerini araçäkleşdirmek hakynda barýar. Bu barada TASS ýazýar we kanunçylyk edarasynyň saýtynda görkezilendigi habar berilýär.

Döwletleriň arasyndaky şertnama geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda gol çekilipdi. Resminama Gazagystan bilen Türkmenistanyň Hazaryň düýbünden geçýän serhedini kesgitlemäge çagyrýar. 
Bu ädim Gazagystanyň günorta araçäklerindäki döwlet serhedini delimitasiýa etmek prosesini tamamlar we ýurtlaryň arasynda deňizden geçýän döwlet serhetlerini ýuridiki berkidýän taryhda ilkinji resminama bolar diýip bellenýär.
Soňra şertnama Gazagystanyň Senatynyň (parlamentiň ýokarky palatasy) garamagyna geçiriler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......