Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň ilçihanasynyň metbugat-attaşesiniň sowallaryna jogap berdi

  • 04.10.2022 21:59
  • 10k+

Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşlik «Watan» habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda görkezildi.

Söhbetdeşligiň barşynda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşi, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň konsepsiýalaryna, Si Szinpiniň döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine berýän bahasy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň geljekki ösüşi babatda garaşýan netijeleri barada gürrüň edildi.
Öň habar berşimiz ýaly, Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazeti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň makalasyny sahypalarynda çap etdi.

TmCars.info söhbetdeşligiň sowallaryny we olara berlen jogaby aýry-aýry materiallarda okyjylaryň dykgatyna ýetirer.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......