Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň makalasy çap edildi

  • 03.10.2022 10:12
  • 11k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň abraýly neşirleriniň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetiniň teklibi bilen, gazetiň sahypalarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň barşy hem-de geljegi barada käbir pikirlerini beýan edýän makalasyny paýlaşdy. Ol ýurdumyzyň esasy syýasy neşirleri bolan «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň 3-nji oktýabrdaky sanynda türkmen hem-de rus dillerinde köpçülige ýetirildi.

“Bu gün Türkmenistan bilen Hytaý birek-birege ynanyşmagyň we düşünişmegiň gazanylan derejesine buýsanyp bilerler. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara, söz ulaltmazdan, nusga alarlyk diýmek isleýärin. Dürli ugurlarda oňyn hyzmatdaşlygyň usullary ýola goýuldy, pugta hukuk binýady döredildi. Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar amala aşyrylýar, telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylmy işgärleriň arasynda, partiýa hem-de parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar giňelýär. Iki döwletiňdir halkyň arasynda özara ýakynlaşma, geljek onýyllyklary öz içine alýan dostluga we hyzmatdaşlyga berk esas döredýän hakyky döredijilik ösüşi dowam edýär.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki many-mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi, ählumumy ösüşiň meýilleri babatda doly düşünişmekden ybaratdyr. Ýer ýüzünde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy, milli, dini ekstremizme, terrorçylykly howplara garşy durmak meselelerine çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi munuň iň möhüm şerti bolup durýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy makalasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy, şu güni we geljekki mümkinçilikleri hakynda giňişleýin durup geçdi.

TmCars.info hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý neşirinde çap edilen makalasyny aýry-aýry ugurlar boýunça okyjylara ýetirmegi makul bildi.


şu gün 12:18
98

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar...

şu gün 09:46
510

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň döwlet Baştutanyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. TDH-nyň habar...

düýn 19:40
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi...

düýn 05:55
7.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy

2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde...