Gurbanguly Berdimuhamedow: “Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen ulaglaryň ähli görnüşi bilen gatnawlary işjeňleşdirmeli”

  • 03.10.2022 12:15
  • 18k+

Ulag ulgamy Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary ykdysady syýasatynyň strategik taýdan ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, iki tarap hem hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen: “Biz Hytaýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde iň möhüm hyzmatdaşymyz hökmünde garaýarys. Hut ulag ulgamy biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik taýdan ileri tutulýan ugry bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça birleşdirilen görnüşli giň üstaşyr ulag hem-de logistik üpjünçilik ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerine barýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Bu bolsa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar” diýip belledi.
Nygtalyşy ýaly munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa pudaklarynda, Hazar deňzinde kenarýaka üpjünçilik ulgamynyň durkuny täzelemekde iri milli taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda has möhümdir. Biz tagallalarymyzy hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen göz öňünde tutýan maksatlarymyza gönükdirmelidiris. Has anygy, Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollar, howa gatnawlary we beýleki üpjünçilik ulgamlary arkaly gatnaw mümkinçiligini doly ulanmagy öňümizde maksat edip goýmalydyrys. Bu ulgamlar merkezi geçelgelerde logistik terminallary hem öz içine almalydyr. Şolaryň biri hem Hazardaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolup biler.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......