Türkmenistan Ýakyn Gündogar we Aýlag ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 01.10.2022 18:16
  • 12k+

Türkmenistanyň Aýlagda ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bu ugurda alnyp barylýan işler barada jikme-jik hasabat berdi.

Hususan-da, sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Şol ýerde ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşyga gatnaşdy. Mundan başga-da, Er-Riýadda Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Aýlag döwletleri bilen özara gatnaşyklar meselesi bilen baglylykda, şu ýylyň 13 — 17-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bahreýn Patyşalygyna iş saparynyň bolandygy bellenildi. Saparyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça nobatdaky geňeşmeler, Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.  Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň 12 — 16-njy sentýabrda Birleşen Arap Emirliklerine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Abu Dhabi Ports Company PJSC” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Aýlagyň we tutuş Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......