Forbes: Ilon Mask iň baý amerikalylaryň sanawynda birinji

  • 28.09.2022 20:44
  • 15k+

Tesla Inc.-iň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Ilon Mask Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça 400 sany baý amerikalylaryň sanawynda birinji setire geçdi.

Maskyň baýlygy bir ýylyň içinde 60 mlrd dollardanam artdy we 251 mlrd dollara ýetdi.
Ikinji ýeri özüniň 151 mlrd dollary bilen sanawyň geçen ýylky öňbaşçysy, Amazon.com Inc. onlaýn-riteýleriniň ýolbaşçysy Jeff Bezos eýeledi, üçünji ýerde bolsa 106 mlrd dollar baýlygy bilen Bill Geýts durýar. Oracle-yň ýolbaşçysy Larri Ellison dördünji ýeri (101 mlrd dollar), maýa goýumçy Uorren Baffet bäşinji ýeri (97 mlrd dollar) eýelediler.
Şeýle-de, iň baý amerikalylaryň onlugyna Google-yň esaslandyryjylary Larri Peýj (93 mlrd dollar) we Sergeý Brin (89 mlrd dollar), Microsoftyň öňki baş direktory Stiw Ballmer (83 mlrd dollar), Nýu-Ýorkuň öňki häkimi Maýkl Blumberg (76,8 mlrd dollar) we Walmart riteýleriniň ýolbaşçysy Jim Uolton (57,9 mlrd dollar) dagy girdiler.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....