Türkmenistan ABŞ-nyň harby edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

  • 27.09.2022 14:58
  • 39k+

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gaýtadan täzelenmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maksatnamanyň netijesinde Newada ştatynyň Milli gwardiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen birnäçe öndürijilikli alyş-çalyşlar, okuwlar durmuşa geçirildi.
Şeýle hem taraplar tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerine garşy göreşmek hem-de ýok etmek, kiber goragy we kiber howpsuzlyk, inženerçilik we gurluşyk işler we ş.m ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky harby edaralaryň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Her ýyl hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabatda we Türkmenistanyň daşynda hem amerikan we türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler we okuwlar geçirilýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......